Türkmenistanyň Awtoulag birleşmesi taksi çagyrmak üçin täze goşunda badalga berdi

Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze onlaýn-hyzmat Ynamly taksi işläp başlady – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär. Goşunda «Awtoulag kärhanalarynyň birleşmesi» AGPJ tarapyndan badalga berildi.

 

Taksi çagyrmak üçin diňe goşundyda barylmaly ýeriň anyk salgysyny girizmek ýa-da şäheriň kartasyndaky nokady saýlamaly. Programmanyň özi GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we sürüjä müşderiniň koordinatalaryny habar berýär.

 

Gezelenjiň bahasy saýlanan nyrhnama görä we ugruň uzaklygyna görä kesgitlenýär. Takmynan baha goşundyda görkeziler, gidişiň gutarnykly bahasyny ýolagçy awtomobil barmaly ýerine baransoň telefonda görüp biler.

 

Häzirki wagtda töleg diňe nagt görnüşde kabul edilýär. Ýöne soňlugy bilen bank kartynyň üsti bilen tölegi goşmak, şeýle hem onlaýn-tölegi goşmak meýilleşdirilýär.

 

Goşundyda gidişleriň taryhyny görmek bolýar we ýygy-ýygydan barýan salgylary görkezip, «halanýan nokatlaryň» sanawyny düzmek bolýar.

 

Goşundy ýükläp almak üçin Google Play elýeterlidir.