BMG-niň Baş Assambleýasy «Medeniýetleriň arasynda dialogyň halkara güni» hakynda Kararnamany kabul etdi
Baş Assambleýa Hytaý Halk Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan işlenip düzülen «Medeniýetleriň arasynda dialogyň halkara güni» atly Kararnamany biragyzdan tassyklady diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Bu Kararnamanyň awtordaşy hökmünde BMG agza 80-den gowrak ýurt, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Bahreýn, Wengriýa, Müsür, Indoneziýa, Eýran, Katar, Kuweýt, Saud Arabystany, Malaýziýa, BAE, Pakistan, Russiýa we Türkiýe çykyş etdi.
Kararnama medeniýetleriň dürlüliginiň ähmiýetine düşünmek we dialogy, birek-birege hormat goýmagy hem-de ählumumy raýdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 10-njy iýuny Medeniýetleriň arasynda dialogyň halkara güni diýip yglan edýär.
Resminama ähli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň adamzady baýlaşdyrmaga goşan goşandyna oňyn baha berýär hem-de dini we medeni dürlüligiň ähmiýetini ykrar edýär. Şeýle hem Kararnamada dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň arasynda sabyrlylyk, hormat, dialog hem-de hyzmatdaşlyk höweslendirilýär.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu resminama Özbegistanyň umumy howpsuzlyk we abadançylyk üçin raýdaşlyk ruhuny ösdürmegiň zerurlygy, netijeli hyzmatdaşlyga bolan ymtylyş, şeýle hem halkara jemgyýetçiligini parahatçylyga we durnukly ösüşe çekmek baradaky garaýyşlaryny şöhlelendirýär.