«Google Chrome» ýene-de dünýäniň iň çalt brauzeri hökmünde ykrar edildi
«Google» kompaniýasynyň «Google Chrome» brauzeri nobatdaky gezek dünýäniň iň çalt web-brauzeri boldy.
«Speedometer 3.0» öndürijilik synagynyň netijelerine görä, «Google Chrome» bu synagyň taryhyndaky iň ýokary netijäni görkezdi.
«TechSpot» neşirinde bellenilmegine görä, rekord görkezijä ýetmek üçin «Google-yň» inženerleri brauzeriň işini birnäçe ugurda kämilleşdirdiler. Hususan-da, olar setirleri gaýtadan işlemek we stil tablisalaryny köpeltmek (artykmaç nusgalary ýok etmek) ýaly amallary çaltlaşdyrdylar, ýady tygşytlamak üçin forma elementleriniň wizuallaşdyrylmagyny gowulaşdyrdylar, şeýle hem «Apple» şriftleri bilen çalt işlemek üçin «HarfBuzz» tekst formatlaýyş mehanizmine birnäçe üýtgeşmeler girizdiler.
Dürli brauzerleri obýektiw deňeşdirmek üçin «Apple», «Google», «Microsoft» we «Mozilla» ýaly IT ägirtleriniň bilelikdäki tagallalary esasynda işlenilip düzülen «Speedometer 3.0» öndürijilik synagy wezipeler goşmak we tekst redaktirlemek ýaly hakyky ulanyjynyň web programmalaryndaky hereketlerini gaýtalaýar. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilýän tizligine esaslanyp, synag brauzeriň öndürijiligine baha berýär.
«Google Chrome» brauzer bazaryndaky öňdebaryjylygyny saklap gelýär. 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli onuň paýy 65% boldy. «Apple-iň» «Safari» gözleg ulgamy – 18%, «Microsoft-yň» «Edge» brauzeri – 5%.