«Mersedes-Benz GLE Coupe»: täze nusga hakynda ilkinji maglumat
Döwrebap tehnologiýalar şeýle çalt ösýär welin, awtoulag öndürijiler bäsdeşleri bilen deň derejede hereket etmek üçin modellerini yzygiderli täzelemäge mejbur bolýarlar. «Mercedes-Benz» hem bu ugurda taraplaryň hiç birinden yza galmaýar: kompaniýa modeliň ahyrky nusgasynyň hödürlenmeginden bary-ýogy 18 aýyň geçendigine garamazdan, «GLE Coupe» ulagynyň täze görnüşini synagdan geçirýär.
Häzirki «GLE Coupe» modeliniň 2023-nji ýylyň ýanwarynda hödürlenendigini ýatladýarys. Şonda 2019-njy ýylyň awgust aýynda çykan model az-kem täzelenipdi, adaty «GLE» bolsa ondan hem has ir hödürlenildi. Şeýlelik bilen, iki modeli indi täze hasaplap bolmaz, esasan hem, 2023-nji ýylda doly täzelenen «Lexus RX» ýaly bäsdeşler bilen deňeşdirilende...
Synagdan geçirilen «GLE Coupe» modeliniň yzky bölegi täze dizaýny alar. Çyralaryň, bamperleriň we radiatoryň dizaýnynda bir ýyl mundan ozal hödürlenen «E-Class» sedanynyň böleklerinde sähelçe akýan nusgalary özünde jemleýän çyralarynyň hem-de gara çarçuwaly gözenekler stilindäki üýtgeşmeleriň girizilmegine garaşylýar.
Täzelenen «GLE Coupe» nuasgasynyň salonynda boljak täzelikleri aýtmak heniz diýseň agyr. Muňa garamazdan, modeliň «E-Class» nusgasyndan iň täze multimediýa we doly sanly gurallar panelini almagy gaty ähtimal. Şol bir wagtyň özünde bolsa «MBUX» multimediýa toplumynyň iň soňky nusgasyna çenli täzelenjekdigine bil baglasa bolar.
Ýewropanyň hereketlendirijisi dört we alty silindrli hereketlendirijileriň arasynda saýlamagy hödürläp, häzirki «GLE Coupe» bilen üýtgewsiz galar. Mundan başga-da, «GLE 63-iň» V8 hereketlendirijisini saklajakdygy ýa-da alty silindrli hereketlendiriji bilen gibrid görnüşine geçjekdigi heniz belli däl. Emma «C 63-däki» ýokary öndürijilikli dört silindrli gibrid güýç gurluşyny ulanmaz.