Italiýanyň awtoulag ýollarynda täze «düşýän yşyk» atly bellikler synagdan geçirilýär
«Autostrade per l'Italia» kompaniýasy infrastruktura ulanyjylarynyň howpsuzlygyny we görüş rahatlygyny gazanmak üçin degişli tehnologiýany ulanyp, ulag ýollarynyň yşyklandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça synag taslamasyna başlady. Bu barada «uominietrasporti.it» portalynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berdi.
Taslama Torrenowa degişli sebitdäki «A1» awtoulag ýolunyň «Roma Sud» şahasynyň ýakynynda gurlan işjeň «düşýän yşyk» belgisini öz içine alýar. Bu bölek 16 Wt kuwwaty bolan 41 DIOD çyrasyny aldy. Mundan başga-da, ol ýerden 0,9 sm beýiklikde we biri-birinden 4,5 m uzaklykdaky göni ýol päsgelçiligine — germewlerine oturdyldy. Şeýlelik bilen, ýoluň konturyny ýagtylandyryp, dumanly howa şertlerinde-de sürjek ýeriňizi has gowy görmäge mümkinçilik berýän optiki geçelge döredilýär.
«Movyon» tarapyndan işlenip düzülen hem-de Infrastruktura we ulag ministrligi tarapyndan tassyklanan has ösen ulgam Napoliniň halkalaýyn ýolunyň käbir bölümlerinde eýýäm synagdan geçirilýär. Ol diňe bir ýoly deň derejede yşyklandyrman, eýsem, ulanyjylara ýoldaky herekeriň anomaliýalary barada habar berýär, ýolda ýüze çykan betbagtçylyklary tiz tapýar. «Capodichino viaduct» (1369 m) ugrunda takmynan 1,8 müň LED lampa oturdyldy, munuň özi bir kilometre takmynan 33% energiýa tygşytlamaga mümkinçilik berýär.