“Türkmenistan” awiakompaniýasy Delä gatnawlary artdyrar we Pekine gatnawlaryň sanyny azaldar

24-nji maýdan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Deli (Hindistan) şäherine hepdede iki gezek - çarşenbe we penşenbe günleri uçar. Häzirki wagtda Aşgabat-Deli ugry boýunça gatnawlar hepdede bir gezek - ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.

 

Biletler “Türkmenhowaýollarynyň” resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir taraplaýyn biletiň bahasy 5532 manat 70 teňňe.

 

Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar bolsa, tersine şu ýylyň 3-nji iýulyndan 28-nji oktýabryna çenli azaldylar. Uçuşlar hepdede iki gezek - anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Häzirki wagtda Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň hepdede üç gezek amala aşyrylýandygyny ýatlatmak iseýäris. 

 

Pekine uçuşlaryň petek bahasy 9,047 TMT.

 

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgisi: +99312391717 we 085.