Ýanwar — maý aýlarynda «Russiýanyň demir ýollarynyň» ulgamynda däne daşamak 7% ýokarlandy
2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda «Russiýanyň demir ýollarynyň» ulgamy boýunça däne daşamak 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7% ýokarlandy we 13,7 million tonna ýetdi. «Russiýanyň demir ýollary» holdingi muny resmi Telegram kanalynda yglan etdi.
«Ýanwar — maý aýlarynda «Russiýanyň demir ýollarynyň» ulgamynda däne daşamagyň derejesi 7% ýokarlandy. 2024-nji ýylyň bäş aýynda Russiýanyň demir ýol stansiýalarynda 13,7 mln tonna däne ýollanyldy» — diýlip, habarda beýan edilýär.
Holding häzirki wagtda däne ýüklemek boýunça öňdebaryjylaryň Kursk (1,3 million tonna, + 19%), Saratow (1,1 million tonna, + 15.2%) we Wolgograd (1 million tonna, + 26,5%) sebitleridigini mälim etdi.
Şol bir wagtyň özünde bolsa «Russiýanyň demir ýollary» 9,7 million tonna barabar bolan gallany (+ 8,1%) eksport etdi, şol sanda portlar boýunça 6,4 million tonna (+ 12%) we serhet geçelgelerinden bolsa 3,3 million tonnalyk önümi (+1. 6%) eksport etdi.
«Iň köp däne Günorta portlar bounça ugradyldy — 5,9 million tonna (+ 5,7%). 89 müň tonna (+ 41,8%) barabar bolan däne Uzak Gündogaryň portlaryna, 357 müň tonnalyk 17 esse artyk) önüm bolsa Demirgazyk-Günbatar portlaryna ýollanyldy» — diýip, kompaniýanyň maglumatlarynda aýdylýar.