Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, şu ýylyň ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýet üçin zerur bolan, şeýle-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýandygyna örän buýsanýandygyny belläp, berilýän goldaw üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny bildirdi we kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz we işewür hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz pudagynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirdiler.