Türkmen žurnalistleri Tallinde geçirilen okuw sapagyna gatnaşdylar

Iýun aýynyň başynda, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri Estoniýanyň paýtagtynda geçirilen metbugaty döwrebaplaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak boýunça okuw sapagyna gatnaşdylar. Saparyň maksady Estoniýanyň metbugat hyzmatlarynyň işleri bilen tanyşmagy hem öz içine aldy.

Türkmenistan: “Altyn asyr” elektron gazetiniň habar bermegine görä, bu tejribe alyş-çalyşygy ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. 

Türkmenistanyň žurnalistleri Estoniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli bölümleriň metbugat hyzmatlarynyň we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümleriniň işleri bilen tanyşdylar. 

“Duo Media Networks OÜ” we “Delfi Meedia AS” media kompaniýasynyň işgärleri bilen duşuşyklar tejribe alyşmak we amaly iş usullary taýdan aýratyn peýdaly boldy. “Duo Media Networks OÜ” on ýedi tele we alty radio ýaýlymlary öz içine alýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy KHBS-i, Estoniýanyň iň köne hususy teleýaýlymlarynyň biri bolan “Kanal 2” teleýaýlymydyr.

Çeşmäniň habaryna görä, “Postimees”-iň redaksiýasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk boldy.