Hytaý - Merkezi Aziýa: söwda we ýük daşama - sammitiň gün tertibinde bolmagyna garaşylýan mowzuklar

Sinhua agentliginiň berýän habaryna görä, Hytaý nobatdaky Hytaý-Merkezi Aziýa sammitini bu sebitiň ýurtlary bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak mümkinçiligi hökmünde ulanar – diýip, HHR-iň Söwda ministrligi mälim etdi. 

 

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, has takygy Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy 30 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri görnükli netijelere eýe boldy – diýip, ministrligiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

 

Şeýle-de, habarda bäş ýurt bilen söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylda ABŞ-nyň 70 milliard dollaryna ýetendigi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýyllyk 22 göterim ösüş gazanylandygy bellenilýär. 

 

Şu döwür içinde söwda gurluşy hem gowulaşdy. Hytaýyň pudak edarasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan oba hojalygy, energetika we mineral önümleri importy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 50%-den gowrak ýokarlandy, bu ýurtlara maşyngurluşyk we elektron önümleriniň eksporty bolsa 42% ýokarlandy.

 

Mart aýynyň ahyryna Hytaýyň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard dollardan geçdi.

 

Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti 18-19-njy maýda Şansi welaýatynyň Sian şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda ara alnyp maslahatlaşyljak mowzuklar boýunça anyk gün tertibi mälim edilmedi. Şeýle-de bolsa, wekiliýetleriň Ýüpek ýolunyň, esasanam bu ýurtlary baglanyşdyrýan Orta geçelgäniň we demir ýol ýük daşamalarynyň ösüşiniň synergiýasyny goldamagyna garaşylýar. Olaryň arasynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan geçmegi bilen Hazar deňzini goşmak arkaly intermodal ýük daşamalar bar.

 

Soňky döwürde demir ýol ýük daşama bazarynyň bilermenleri Hytaý-Ýewropa Ekspress otlylarynyň syýahatynyň Merkezi Aziýada gutarýandygyna ünsi çekdiler. Bu üýtgeşmäniň ýönekeý bir mysaly ugry günbatara bolan otlylaryň atlaryny Hytaý-Ýewropa Ekspress-den Hytaý-Ýewropa (Merkezi Aziýa) Ekspressine üýtgedilmegidir.

 

Günbatar analitikleriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa dünýäniň köp wagtlap üns bermedik bazarydyr, ýöne pandemiýadan soňky üýtgeşmeler bilen baglylykda, onuň halkara üpjünçilik zynjyryndaky orny üýtgeýär.