Türkmenistanyň suratkeş zenanlary Bişkekdäki «Türk dünýäsinde zenanlar älemi» atly sergisine gatnaşdylar
Gyrgyzystanyň Bişkek şäherindäki G.Aýtiýewiň adyndaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen “Türk dünýäsinde zenanlar älemi” sergisinde Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Türkmenistan ýaly türki döwletleriniň sungat işgärleriniň ajaýyp döredijilikli eserleri görkezildi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” neşiriniň habar bermegine görä, döredijilik çäresinde biziň ýurdumyzdan Hatyja Amansähedowa we Aýnagözel Nuryýewa wekilçilik etdi. Milli äheňleri we reňkleri ulanmak esasynda Türkmenistanly suratkeşleriň eserleri we natýurmortlary serginiň myhmanlaryna türkmen halkynyň medeniýetini öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Çäräniň açylyş dabarasyna TÜRKSOY-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ilçileri we medeni işgärler gatnaşdy.
Türki ýurtlarynyň zenan suratkeşlerini bir ýere ýygnamaga gönükdirilen sergi ilkinji gezek geçirilýär. Eserleriň hemmesiniň türki dünýäsiniň suratkeşlerine degişlidigine garamazdan, olar dürliligi: stilleri, mekdepleri, garaýyşlary, terbiýesi we görnüşleri bilen tapawutlanýar.
Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türk medeniýetiniň halkara guramasy TURKSOY tarapyndan gurnalan serginiň çäklerinde “Sungatdaky we onuň taryhy, medeni we durmuş taraplaryndaky zenanlar” atly tegelek stol geçirildi. Mundan başga-da, Bişkek şekillendiriş sungat mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklary geçirildi.
Gatnaşyjy-suratkeşlere «Türki dünýäsinde zenanlar älemi» sergisiniň kataloglary gowşuryldy.
Şeýle hem serginiň beýleki türki döwletlerinde gurnaljakdygy we däp boýunça geçirilýän çärä öwrüljekdigi bellenildi. Indiki ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde şuňa meňzeş sergi geçirmek meýilleşdirilýär.