Çarşenbe güni birža söwdalarynda ýeňil senagaty hem-de gurluşyk önümleri ýokary islege eýe boldy

Çarşenbe güni, 12-nji iýunda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan jinsi kurtga, şorty, jalbary satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 017 321,73 manada, 15 284,90 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.