«Türkmenistan» uçar kompaniýasy bilet satmak boýunça daşary ýurt edaralarynyň sanawyny täzeledi
«Türkmenistan» uçar kompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi.
Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.
Her bir ofisiň salgysy, telefonlary, elektron poçtasy we habarlaşmak üçin beýleki maglumatlary görkezilýär. Hereket edýän ofisleriň tutuş sanawyny şu salgylanmadan görüp bolýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» uçar kompaniýasy Abu-Dabä (BAE), Almaty şäherine (Gazagystan), Pekine (HHR), Delä (Hindistan), Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Russiýa), Londona (Beýik Britaniýa) we Moskwa (Russiýa) halkara ýolagçy uçuşlaryny amala aşyrýar.