Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Ýaşlaryň bähbitlerine suw gorlary we demografik durnuklylyk» atly duşuşyga gatnaşdylar we çykyş etdiler. 10-njy iýunynda geçirilen bu forum Ilat we ösüş boýunça Parlamentarileriň Aziýa forumynyň Täjigistan Respublikasynyň Parlamenti bilen bilelikde Duşanbe şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň Täjigistandaky diplomtik gullugynyň habar bermegine görä, Halkara parlament forumyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Ilat we ösüş boýunça Halkara Konferensiýasy (ICPD 30) guramaçy bolup gatnaşdylar. Halkara parlament forumy «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028 ý.» Hereketleriň halkara onýyllygy boýunça ýokary derejeli Üçünji halkara konferensiýasynyň çäklerinde guraldy.

Demografik üýtgemeler, ýaşlaryň ösüşi, bilim we iş üpjünçiligi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň syýasy pikir alyşmalarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Nobatdaky Halkara parlament forumy bu ugurda pikir alyşmaga meýdança bolup çykyş edýär.

Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde guralýan «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw Forumyna Merkezi Aziýanyň Zenanlarynyň dialogynyň agzalary, halkara we milli bilermenler, ylmy işgärler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw forumyna gatnaşdy.