Türkiýede Hytaýdan getirilýän awtoulaglar üçin gümrük paçlary ýokarlanar

7-nji iýuldan başlap Türkiýede Hytaýyň awtoulaglary üçin gümrük paçlary 40% ýokarlanar. Bu barada «За рулём» saýtynyň baş redaktory Maksim Kadakow habar berýär.

— Şu wagta çenli şunuň ýaly paç — standart 10% +, Hytaýyň elektrik awtoulaglaryna bolsa goşmaça 40% salynýardy. Indi bu standart Hytaýdan getirilýän benzin, dizel we gibrid awtoulaglara çenli giňeldildi: munuň möçberi jemi 50%, emma 7000 dollardan az bolmaly däl — diýip, Maksim Kadakow belleýär.

Şeýle çäreler ýerli öndürijileri goramak, şeýle hem daşary söwda defisitini azaltmak üçin niýetlenendir. Ýeri gelende ýatlasak, ýakynda Hytaýyň «Jaecoo J7» krossoweri hem Türkiýede peýda bolupdy.

— Umuman, dürli ýurtlarda zynjyrly reaksiýa başlandy. Biziň hereketlerimiz olara täsir etmeýär, ýöne gaýtadan işlemek tölegini ýokarlandyrýar. Dogry, biz import edilýän awtoulaglaryň hemmesi hakda aýdýarys, ýöne resmi hasaplamalara ýüzlensek, bize Hytaýyň awtoulaglaryndan başga zat gelip gowuşmaýar — diýip, Maksim Kadakow nygtaýar.