Geljege tarap: Türkmenistan media ulgamyndaky täzeçil usullary öwrenýär
2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Italiýanyň Neapol şäheriniň «Palazzo Partanna» binasynda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşigi (ABU) we Italiýanyň Rai teleradiokompaniýasy tarapyndan bilelikde ABU-Rai günleriniň 6-njy mejlisi "AI meets Public service media: A global perspective" ady bilen geçirildi.
Onda häzirki sanly ulgam döwürde Mediýanyñ mazmuny, habar beriş serişdelerinde intellekt sungatyny ulanmakda üstünlikli tejribeler, resmi intellekt we metbugat hünärleri, emeli aňyň ulanmagyň tehniki taraplary we resmi intellekt döwründe etika we kanunçylyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu ýygnaga Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiñ, Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşiginiñ we beýleki daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Çäräniñ çäklerinde wekiller birnäçe daşary ýurtly tele we radio kompaniýalaryñ, halkara metbugat guramalaryň we teleradioýaýlymlar birleşikleriñ wekilleri bilen duşuşyp, pikir alyşdylar we hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek ugrunda gürrüňdeş boldular. Hususan-da Italiýanyň “Rai” teleradiokompaniýasynyñ Halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiñ ýolbaşçysy hanym Simona Martorelli we onuň hünärmeni Maria Luiza bilen duşuşyp, geljekde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komiteti bilen ikitarapabähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, özara düşünişmek hakyndaky resminama gol çekişmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da Ýewropa ýurtlary teleradioýaýlymlar birleşiginiñ (EBU) agzalyk we halkara gatnaşyklary müdirliginiñ ýolbaşçysy Mişel Rowerelli bilen söhbetdeş bolup, ol Döwlet komitetini guramanyň assosirlenen agzalygyna çagyrdy. Bu bolsa birleşigiñ doly hukukly agza döwletleriniň we beýleki assosirlenen agza döwletleriniň teleradioýaýlymlarynda we internet portallarynda Türkmenistan baradaky habarlary paýlaşmak, birek biregiñ gurnaýan çärelerine gatnaşmak, Guramanyň akademiýasynda hünärmenlerimiziñ hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri üçin mümkinçilik berer.
Iki gün dowam eden ABU-Rai günleri tamamlandan soňra bolsa surata düşmek dabarasy gurnalyp, ýadygärlik surata düşdüler.