Gökdere çagalar saglyk merkezlerinde medeni çäreler geçirilýär
Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Olar üçin dürli medeni, sport, okuw we bilim çäreleri guralýar. Bu çärelere ýurdumyzyň kitaphana işgärleri işjeň gatnaşýarlar.Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň web sahypasy habar berdi.
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi.
«Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly söhbetdeşlikde çagalara akyldar şahyryň Watany we onuň ajaýyp tebigatyny söýmegi öwredýän, olary mertlige, dogruçyllyga we adyllyga çagyrýan goşgulary barada gürrüň edildi.
Çäräniň çäginde surat çekmek bilen gyzyklanýan oglanjyklar hem gyzjagazlar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini şekillendirmek esasynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Guralan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.