Türkmenabatda 8,1 müň tonnadan gowrak pagta ýagy öndürildi

Türkmenabatdaky ösümlik ýag kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri 4 müň 563 tonna arassalanmadyk pagta ýagyny we 3 müň 627 tonna arassalanan pagta ýagyny öndürdi. 

Welaýat gazetiniň elektron sahypasynda berilýän habara görä, 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.