Saud Arabystany haj wagtynda uçarmansyz howa taksisini işe girizdiler
Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär.
Munuň özi raýat awiasiýasy edarasyndan ygtyýarnama alan dünýäde ilkinji howa taksisidir. Bu taksi zyýaratçylary, lukmançylyk enjamlaryny daşamak, zerur harytlary ýetirmek we gaýragoýulmasyz kömegi bermek işlerini ýerine ýetirýär.
Ulag we logistika hyzmatlary ministri hem-de Raýat awiasiýasy baş müdirliginiň direktorlar geňeşiniň başlygy Saleh bin Nasser bin Al-Ali Al-Jasser aerotaksini ilkinji bolup synag edip, bu başlangyjyň ministrligiň ulag ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça tagallalarynyň bir bölegidigini belledi.
Munuň özi Saud Arabystanynyň Milli ulag we logistika strategiýasynyň maksatlaryna hem laýyk gelýär.
Howa taksisi ulag gatnawynyň çenden aşa kän bolan raýonlarynda ýolagçylaryň wagtyny tygşytlaýar, harytlary we derman serişdeleri ýetirmegi ýeňilleşdirýär.