Anna güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty önümleri hem-de Türkmen el halysy satyldy

Anna güni, 14-nji iýunda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “ SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "А" kysymly tehniki ýody, "Ý-354" kysymly tehniki gurumy hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan ýassyk daşy, düşekçe üsti prostyn, ýatyş matrasy üçin lastik rezinli Flanel çehol, taýýar düşekçe toplumy, Flanel nah matasy, şeýle-hem dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 494 047 317,17 manada, 980 224,50 ABŞ dollaryna deň bolan 19 geleşik baglaşyldy.