Türkmen animasiýasy Ansi şäherindäki Halkara animasion filmleriň festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi animasiýa ugrunda ençeme ýyldan bäri işler alyp barýar. Bu eserler dünýäki iň meşhur animasiýa festiwallarynyň biri bolan Ansi şäherindäki Halkara animasion filmleriň festiwalynyň sergi bazarynda çykyş edýär. 

1.jpg

Bu festiwalda «Pixar animation studios», «DreamWorks animation», «Walt Disney Animation Studio», «Illumination Animation company» we beýleki studiýalarynyň gatnaşmaklarynda bir hepdäniň dowamynda döredijilikli, dürli animasiýa stilleri we usullary boýunça pikir alyşylýar.3.jpgŞeýle hem bu festiwal bäsleşikler, premýeralar, alynyp barylýan taslamalar, okuw sapaklar, sergi, režissýorlaryň, produserleriň we döredijilik işgärleriň duşuşyklary ýaly çäreleri öz içine alýar. 

33.jpg

1998-nji ýyldan bäri geçirilýän bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşyp, “Ýiten top” we “Meniň oýnum” animasiýalary bilen gatnaşýar. Bu festiwala kabul edilmeklik türkmen animasiýasynyň dünýä standarlaryna laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr.