Türkmenistanda “Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda “Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp, beýik şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan monografiýalaryny, ylmy makalalaryny we eserlerini hödürlediler.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy alymlaryndan we hünärmenlerinden ybarat bolan eminler topary tabşyrylan eserleriň hiline we ýerine ýetirilişine üns bilen baha berdiler.
Basleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler kesgitlenildi:
4 gatnaşyjy birinji ýeri eýeledi;
4 gatnaşyjy ikinji ýeri eýeledi;
4 gatnaşyjy üçünji ýeri eýeledi;
12 gatnaşyjy höweslendiriji baýraklary bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar, ýadygärlik sowgatlar we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşige monografiýalardan we ylmy makalalardan başga-da, 2024-nji ýylda ýazylan aýdym-sazlara we hekaýalara düzülen goşgular hem hödürlendi. Bu eserler ýurdumyzyň dürli neşirlerinde çap edildi.