Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary XII-XIII asyrlaryň teňňelerini tapdylar
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mammedowa ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň çäginde gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda tapylan tapyndylary muzeýleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylar tapyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde käbir altyn teňňeleriniň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklandy.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, hut şol döwürde Köneürgenç şäheri transkontinental ýoluň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Günbatar we Gündogar döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine täsirini ýetiren iri söwda-aragatnaşyk ýollaryny herekete getirýän kuwwatly merkeze öwrülýär. Ýokarda agzalan tapyndylar hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlaryň üstüni ýetirýär.
Wise-premýer häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylaryň “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi. Dabaranyň çäklerinde, şeýle hem “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine ganaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamagyň, olary ylmy taýdan öwrenmegiň we geljekki nesillerimize ýetirmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, bu gymmatly tapyndylary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.