Şenbe güni, birža söwdalarynda nebit-himiýa önümleri uly islege eýe boldy

Şenbe güni, 15-nji iýunda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TC-1" kysymly uçar kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Şeýle-de, içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “B” kysymly natriý sulfat we bişofit satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 627 200,00 manada, 3 937 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.