«Chevrolet» «Equinox Plus» gibrid krossowerini hödürledi: bu ulag 100 km üçin 1 litrden hem az ýangyç ýakar
«Chevrolet» «Equinox Plus» gibrid krossowerleriniň ilkinji nusgasynyň 18-nji iýunda Hytaýda eltiljekdigini habar berdi.
Ilkibaşda hödürlenjek görnüşiň elektrik energiýasynyň ätiýaçlygy 102 km aralygy geçmek üçin niýetlenen bolup, nusganyň bahasy 20 müň dollardan başlanar. 155 km güýjüne eýelik edip, bahasy 24 müň dollar bolan «Ultimate Edition» modeli iýul aýynda çykar. Bu ulag «Chevrolet» kompaniýasynyň ilkinji «akylly elektrik gibrid krossoweri» bolar.
Awtoulag 1,5 litrlik içerki ýangyç we elektrik hereketlendirijisinden ybarat «SAIC General Motorsdan» indiki nesli — «PHEV» gibrid tehnologiýasyny ulanýar. Onuň dwigateliň iň ýokary kuwwaty 127 kWt, elektrik hereketlendirijisiniň iň ýokary güýji bolsa 140 kWt bolar. Awtoulag 3,7 sekuntda 0-dan 60 km/sag tizlige çenli ýetip biler. 100 kilometre ýangyjyň umumy sarp edilişi bary-ýogy 0,72 litre ýetip, hereketiň umumy ätiýaçlygy 1000 km-den geçýär.
Awtoulagyň uzynlygy, ini we beýikligi — 4653 x 1902 x 1667 mm, tigir binýady — 2730 mm. Ol awtoulag söýüjileriň arasynda ykjam krossower hökmünde mynasyp ornuny tapar we «Qinghai Fudi Battery» tarapyndan hödürlenýän litiý demir fosfat batareýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Awtoulag üç sütünli rul, 11 dýuýmlyk sanly gural paneli we 11,3 dýuýmlyk merkezi dolandyryş ekrany bilen üpjün ediler hem-de işjeň howpsuzlyk ulgamlarynyň bukjasyna eýe bolar.