Türkmenistan Astrahanda geçiriljek “Hazar oýunlary” uniwersiadasyna gatnaşar

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalýonnyý Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny ýakyn wagtda ADTU-da geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetleri we ylmy-agtaryş merkezleri bileleşiginiň nobatdaky Baş Assambleýasyna, talyplary bolsa «Hazar oýunlary» uniwersiadasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berdi.

Çakylyk Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň başlygy Gadam Ilamanow bilen bolan duşuşykda yglan edildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Astrahanyň ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň arasynda indiki hyzmatdaşlygyň ösüşini, hünärmenleri, hususan-da, balyk hojalygy we nebit-gaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistandan Hazar deňzi ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy agtaryş edaralarynyň jemgyýetçilik bileleşigini esaslandyryjylaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem bar.

Türkmen-rus ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegine aprel aýynyň ahyrynda bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary wagtynda garaldy. Aleksandr Amanow Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetler we ylmy agtaryş merkezleriniň bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň iş meýilnamasyna gatnaşmaga çakylyk aldy.

Ýaşlary we talyplary Hazar deňzi meselelerini çözmäge çekmek, olary Assosiasiýa tarapyndan yglan edilen maksatlar we adamkärçilikli ýörelgeler esasynda birleşdirmek Assosiasiýa üçin möhümdir. Şu ýyl Astrahanda geçiriljek «Hazar oýunlary» uniwersiadasyna Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan 600 töweregi sportçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.