Dünýäniň iň gysga köçesi nirede ýerleşýär?
Dünýäde özüniň aýratyn özboluşlylygy bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çeken ýer bar. Ol kaşaň bina-da däl, arkaýyn ýörär ýaly giň ýer hem däl. Bu ýerde gürrüň Beýik Britaniýanyň Uik şäherinde ýerleşýän, uzynlygy bary-ýogy 2 m 6 sm bolan köçe barada gidýär.
Şäher infrastrukturasynyň üýtgeşik elementi bolan bir binanyň öňünde ýerleşen bu kiçijik köçäniň ilki ady hem bolmandyr, hatda hiç bir kartada-da görkezilmändir.
Emma bu kiçijik köçe 2006-njy ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleriniň ünsüni çekýär. Şeýlelikde, köçäniň uzynlygy ölçenilip, ol dünýäniň iň gysga köçesi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Şol bir wagtyň özünde oňa «Ebenezer Place» diýip at berildi we şäheriň kartasyna girizildi.