Pekinde welosiped festiwaly geçirildi

15-nji iýunda Pekiniň sergi seýilgähinde Hytaýdaky Türkmen medeniýetiniň ýylynyň çäklerinde welosiped festiwaly we “Pekiniň sergi seýilgähiniň kubogyny” almak ugrunda bäsleşik geçirildi. 400-den gowrak türgeniň, şol sanda 30 sany Türkmenistanly türgeniň gatnaşmagynda jemi 14 topar hasaba alyndy.

Festiwalyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew ähli gatnaşyjylary mähirli gutlady we sagdyn durmuş ýörelgesi hökmünde welosiped sürmegiň adamlara diňe bir sport şatlygyny duýmaga mümkinçilik bermek çäklenmän, eýsem, adamlaryň daşky gurşawa bolan aýawly çemeleşmegini hem şöhlelendirýär diýip belledi.

Bäsleşik sekiz topardan ybarat: olar erkekleriň saýlama topary, ussat topar, şeýle hem erkekleriň 16 we 14 ýaşa çenli topary. Zenanlaryň arasynda bolsa zenanlaryň açyk topary, zenanlaryň saýlama topary, zenanlaryň 16 we 14 ýaşa çenli topary.

Ilçiniň belleýşi ýaly, bu bäsleşik diňe bir sport çäresi bolman, eýsem Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda daşky gurşawy goramak, saglyk we medeniýet babatynda çuňňur hyzmatdaşlygyň nyşanydyr.