Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär
Geçen hemdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyz bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ýöriteleşdirilen halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewraziýa patent guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilendigi bellenildi. «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bu gullugyň işiniň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan «Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna» goşulmagy baradaky teklip hödürlenildi. Wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak arkaly ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarda, hususan-da, Ýewraziýa patent guramasynda wekilçiligini giňeltmek boýunça teklip beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine Ýewraziýa patent guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.