Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

28-nji iýunda Eýranda ýurduň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlar Eýran Yslam Respublikasynyň taryhynda 14-nji Prezident saýlawy bolar.

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habaryna görä, 28-nji iýunda diplomatik wekilhanasynyň binasynda saýlaw uçastogy guralar. 

Ses berişlige Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary hem gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Saýlawçylaryň ýanynda ses bermek üçin resmi pasporty bolmaly. Ilçihanadaky saýlaw uçastogynyň açylyş wagty soň yglan ediler.