Ulag, logistika, gämi gurluşygy - KazanForumda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky taslamalar

Tatarystandaky türkmen wekiliýetiniň başlygy, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy. Ol KazanForum Halkara ykdysady forumyň çäginde geçirildi.

Şeýle hem bu çärä Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow, Moskwanyň we Bütin Russiýanyň patriarhy Kirill, Russiýanyň Muftüler geňeşiniň başlygy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Müsüriň, Kuweýtiň, Indoneziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

Topar öz ýurtlarynda uly abraýa eýe bolan jemgyýetçilik we syýasy işgärleriň, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçilik we dini wekilleriň maslahatlaşmagy üçin platforma bolup durýar.

 

Şeýle hem, şol gün Mämmethan Çakyýew Tatarstan Respublikasynyň Döwlet geňeşinde “Ak Bars” Holding kompaniýasynyň baş müdiri Iwan Ýegorow bilen duşuşdy. Taraplar gämi gurluşygy pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirdiler.


Kazanda geçirilen forumyň gün tertibine "Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri" atly aýratyn sessiýa girizildi. Oňa Russiýanyň birnäçe sebitiniň we Owganystanyň wekiliýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýalar toplumynyň ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýew “Demirgazyk-Günorta” ITC boýunça ýük gatnawyny artdyrmak boýunça ýola goýlan özara hyzmatdalyk barada aýtmak bilen, Astrahan sebiti bilen işjeň gatnaşyklary belläp geçdi.

 

“Biz Astrahan sebitiniň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika merkezini döretmek barada memoranduma gol çekdik” – diýip, Çakyýew aýtdy. – “Bu merkeziň ýük daşamanyň ösmegine we “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň mundan beýläk-de ösmegine itergi boljakdygyna ynanýaryn.”


Owganystanyň Senagat we söwda ministri Azizi Nuriddin öz ýurdunyň Hazar deňziniň üstünden “Demirgazyk-Günorta” geçelgesi boýunça Türkmenistandaky porty ulanmak bilen Russiýanyň Olýa we Mahaçkala portlarynyň üstünden ýük daşamany ösdürmek mümkinçiligini göz öňünde tutýandygyny aýtdy. "Bu täze ugur harytlary Owganystandan we sebitimizdäki beýleki ýurtlardan Russiýa äkitmäge we tersine bu ýurtlara getirmäge mümkinçilik berer" – diýip, ministr aýtdy.

 

Astrahan sebitiniň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew hem öz gezeginde sebitiň Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlarynyň ählisi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. "Türkmenistan biziň üçin esasy hyzmatdaşlarymyzyň biridir" - diýip, ol iň möhüm pudaklaryň biri bolan gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlyga mysallar getirdi. “Astrahan” gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanalarynda goňşy türkmen döwleti üçin ulag baržasy we öz-özüni göterýän ýüzýän buraw desgasy guruldy.

 

"Häzirki wagtda Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy bilen "Türkmendeňizderýaýollary" Agentligi we “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň arasynda ulag flotuny - köp maksatly gury ýük gämilerini bilelikde gurmak meselesi boýunça gepleşikler dowam edýär" – diýip, D. Afanasýew aýtdy. – “Geçen ýylyň aprel aýynda “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” Paýdarlar jemgyýetiniň bilermenler topary Türkmenistandaky “Balkan” kärhanasyna baryp, zawodyň önümçilik we tehnologiki mümkinçilikleriniň barlagyny geçirdi. Saparyň netijeleri boýunça rus we türkmen taraplarynyň arasynda iş we üpjünçilik bölünişiginiň görnüşi teklip edildi.”

 

Türkmen tarapyndan Türkmenbaşy portunyň başlygy Seýitguly Baýseýidow, "Demir ýollary" paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň orunbasary Allaguly Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Ulag we logistika merkeziniň baş müdiri Merdan Bäşimow we beýlekiler çykyş etdiler.

 

Tatarstanyň Ulag we ýol hojalygy ministri Farid Hanifow, Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministriniň orunbasary Walentin Iwanow, “Ulýanowsk oblastynyň Senagaty we telekeçiligi ösdürmek korporasiýasy” gaznasynyň başlygy Ruslan Gaýnetdinow bu mesele boýunça öz pikirlerini we tekliplerini aýtdylar.