Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler
Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.
Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň makullamagy boýunça bu tapyndylar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasy şu ýylyň 22-nji iýunynda geçiriler. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine ganaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.