Gurban baýramy mynasybetli medeni çäre geçirildi
17-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde Gurban baýramy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Medeniýet merkezi tarapyndan guralan çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, hormatly myhmanlar, merkeziň pars dilini öwrenijileridir mugallymlary hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.
Medeni çäräniň açylyşynda jenap Nawid Rasuli çykyş etdi:
«Gurban baýramy dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sandan Eýranda we Türkmenistanda hem uly dabaralar hem däp-dessurlar bilen bellenilýär. Bu baýramçylykda her sebitiň ýaşaýjylarynyň ajaýyp däp-dessurlaryny görmek bolýar. Muňa garamazdan, olar Gurban baýramyny bellemegiň gadymy däp-dessurlary esasynda biri-birine diýseň meňzeşligi bilen tapawutlanýar».
Çäräniň dowamynda Eýram Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi Gurban baýramy barada taýýarlanan wideoşekilleri görkezildi we pars dilini öwrenijiler tarapyndan goşgulardyr sahna oýunlary ýerine ýetirildi.
Şeýle-de, pars dilini öwrenijileriň ýerine ýetirmeginde pianinodaky sazlar ýaňlandy.
Eýram Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň birinji gatynda bu ýere gelen myhmanlara hödür-kerem edildi.