Türkmenistan we ýene 9 ýurt Russiýada geçiriljek forumda medeni mirasy gorap saklamak meselesini ara alyp maslahatlaşar
On ýurduň wekilleri Wladimirde geçiriljek «Dialog» halkara ara alyp maslahatlaşma klubunyň mejlisinde medeni mirasy goramagyň ähmiýetini seljererler. Bu barada klubuň başlygy Wýaçeslaw Kartuhiniň «TASS-a» beren habarynda aýdylýar.
«Hytaý, Hindistan, Şri-Lanka, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Belarus ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we guramalarynyň wekilleri, kanun çykaryjy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetleriň agzalary, jemgyýetçilik işgärleri we bilermenleri eýýäm bu çärä gatnaşýandyklaryny tassykladylar».
Kartuhin 2024-nji ýyldaky duşuşygyň mowzugynyň döwletliligi berkitmegiň faktory hökmünde medeni mirasy gorap saklamaga gönükdirilendigini we Suzdalyň 1000 ýyllygyny bellemegiň ylalaşylandygyny aýtdy.