Ilon Mask: smartfonlar geçmişde galar – olaryň ornuny «Neuralink» çipleri alar

Amerikaly işewür Ilon Mask smartfonlaryň geçmişde galjakdygyny aýtdy – geljekde adamlar smartfonlaryň kömegi bolmazdan biri-biri bilen aragatnaşyk saklarlar. Olaryň ornuny milliarderiň kompaniýasyna degişli bolan «Neuralink» neýroçipi eýelär.

Ilon Mask sosial ulgamyň ulanyjylarynyň biriniň beýleki adamlardan pikiriň güýji bilen telefony dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Neuralink» çipini beýnisine gurnamaga razylyk berip-bermejekdigi hakyndaky soragyna şeýle teswir ýazdy.

2020-nji ýylyň awgust aýynda «Neuralink» neýroçipiň – beýni bilen kompýuteriň arasyndaky interfeýsiň ilkinji tanyşdyryşyny geçirdi. Eýýäm 2021-nji ýylyň aprelinde alymlar impulsyň kömegi bilen makakanyň wideo oýunlaryny nädip oýnaýandygyny görkezdiler.

Ýanwar aýynda Ilon Maskyň «Neuralink» kompaniýasy ilkinji implantany adama üstünlikli ýerleşdirdi we pikiriniň güýji bilen kursory dolandyrmagy başardy. Ol özüni gowy duýýar we ýygy-ýygydan interwýu berýär.