Bilermenler ýabany tebigatyň şu ýylky iň owadan suratlaryny saýladylar

«WildArt Photographer of the Year» bäsleşigi 2022-nji ýylda döredildi. Oňa baha berýän eminleriň hemmesi professional suratçylardyr we suratlara baha bermegiň esasy ölçegi suratkeşligiň ussatlygy we çeperçilik häsiýetleri bolup durýar.

 

Bäsleşigiň guramaçylary seýrek haýwan gözlemegiň zerurlygynyň ýokdugyny, hatda adaty haýwanyň hem gahryman bolup biljekdigini aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde olar bütin dünýäde ýitip barýan görnüşleri gorap saklamak we ýitirip biljek tebigatymyzyň gözelligine ünsi çekmek üçin işjeň goldaw berýärler.

 

Taslamanyň ýagtylyk, suw, howa, reňk, bölejikler, abstraksiýa, peýzaž we giňişlik ýaly çeper atlandyrylan ugurlary bar. Bäsleşikde her ugur boýunça üç ýeňiji bar.

 

Baş baýrak ýokary göterilip, Güne garşy uçup barýan ajaýyp guşuň suraty üçin Hermis Haridasa gowşuryldy. «Ýylyň ýaş suratçysy» ugry boýçunça jaýyň diwaryndaky moýewka guşunyň höwürtgesini surata düşürendigi üçin Maksimillian Paçkowskä gowşuryldy.