Russiýada rekord derejede «iPad» satyn alynýar
«МТС-niň» seljerijilerileri rus ilatynyň näçesiniň «Apple» kompaniýasynyň şu ýazda tanyşdyran täze «iPad» tehnologiýasyny satyn almak kararyna gelendigini hasapladylar. «МТС» 15-nji maýdan 13-nji iýuna çenli edilen sargytlady seljerdi. Şu döwürde 2024-nji ýylyň planşete bolan isleg öňki modelleriň satuwyna garanda, şol bir wagtda, satylan sany taýdan 3 esse, pul möçberi boýunça 6 esse ýokarlandy.
Rus kompaniýasynyň pikiriçe, iň meşhur model M2 çipli «iPad Air» – 52% sargyt edildi. M4 çipli «iPad Pro» sargydy 48 %-e deň boldy. Öýjükli goldawsyz has elýeterli Wi-Fi görnüşi 10-dan 6 alyjy tarapyndan sargyt edildi.
«11-nji iýunda geçen tanyşdyrylyşdan soň edilen sargytlaryň esasynda «iPad Pro» we «iPad Air»-e bolan uly islegi we sargytlaryň sanynyň barha artýandygyny duýdyk. Bu ýagdaý täze önümde emeli aň tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy we «Apple» tehnologiýasyny ulanyjylaryň aljak täze mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr» – diýip, «МТС» bölek satuw zynjyrynyň baş direktory Andreý Gubanow aýtdy.