Dünýädäki iň kiçi oýun karty döredildi
Londonda ýaşaýan dizaýner we inžener Rob Hallifaks dünýädäki iň kiçi oýun kartlaryny döretdi. Bir kartyň ululygy bary-ýogy 5x3,6 millimetrdir.
Ol bu karty köplenç adaty oýun kartlarynda ulanylýan ýüpek matadan we ýuka kagyzdan ýasady. Elbetde, ol iş döwründe käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Adaty kompýuter printerleri şeýle inçe materialda surat çap edip bilmeýär, şonuň üçin hem, ýörite enjamy ulanmaly boldy. Robyň aýtmagyna görä, iň uly kynçylyk taýýar kartlary kesmekdi. Ol bu işinde lazer ulanmaly boldy.
Inžener jemi 102 kart çap etdi. Olaryň hersinde 52 oýun karty, iki joker we iki boş kartoçka bar. Bu kartlary ýörite enjamlar bolmazdan, oýnamak mümkin däl. Adaty kartyň biriniň üstünde ýazyp goýanyňda, kiçijek kartlaryň 52 sanysy ýerleşýär.
Bu kiçijek kartlar bilen Ginnesiň rekordlar kitaby hem gyzyklandy. Londanly inženeriň kiçijek kartalary häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnan kartlardan iki esse kiçi, adaty kart bilen deňeşdirilende bolsa 250 esse kiçi bolup çykdy.