LinkedIn sosial ulgamy iş we işgär tapmaga kömek berýän emeli intellekti ornaşdyrdy

Iş gözlemek we işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäde iň iri LinkedIn sosial ulgamy emeli intellektiň binýadyndaky täze hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Emeli intellekt iş gözlemäge we ýüz tutmalary ibermäge, rezýumeleri we ynamdarlyk hatlaryny döretmäge, okuw materiallaryny saýlap almaga ýardam berer. Şeýle hem emeli intellekt ulanyjynyň rezýumesi we onuň käri baradaky goşmaça maglumaty berýär.

Premium nyrhnamasyny ulanyjylar üçin häzirki wagtda kompaniýa emeli intellektiň esasyndaky bilermenler maslahatlaryny synag edýär. Emeli intellekti ulanmak bilen LinkedIn ulanyjylara şahsy jogaplary hödürleýär. Geljekde bu ulanyjylar LinkedIn Learning platformasynda ulanyp boljak şahsy tälimçileri alarlar.

“Biz emeli intellekt bilen 2007-nji ýyldan bäri işläp gelýäris we ony adamlary birleşdirmek, ekoulgamda  ynamy gorap saklamak üçin işjeň ulanýarys. Munuň özi biziň iň netijeli gurallarymyzyň biridir” - diýip, LinkedIniň önümler bölüminiň ýolbaşçysy Tomer Koen aýtdy.