Emeli aň Stiw ýakyn wagtda geçiriljek ählumumy saýlawlarda Beýik Britaniýanyň parlamentine dalaşgär bolar
«Emeli aň Stiw» atly emeli aň ulgamy 4-nji iýulda Beýik Britaniýada geçiriljek ählumumy saýlawlarda Braýton okrugynyň parlamentiniň agzasy bolmaklyga dalaş edýär.
Emeli aňyň arkasynda hakyky adam, ýagny Susseksden telekeçi Stiw Endakott dur.
«Emeli aň Stiwiň» resmi saýtyna görä, Braýton we Houw şäherleriniň ýaşaýjylarynyň öz pikirlerini aýdyp bilmekleri we syýasy garaýyşlaryny paýlaşmaklary üçin döredildi.
Saýlanan halatynda parlamente fiziki taýdan gatnaşjak Endakottyň bellemegine görä, ol diňe emeli aň Stiwiň saýlawçylar bilen gatnaşygyndan soň alnan pikirlere we syýasy görkezmelerine esaslanyp ses berer.
Stiw tarapyndan ulanylýan emeli aňyň programma üpjünçiligi jemgyýetiň ähli meselelerini we syýasy garaýyşlaryny ýazga alýar. Soňra teklip edilýän syýasata her hepde ses berilýär. Şol bir wagtyň özünde, diňe 50%-den ýokary goldaw alan çäreler we hereketler tassyklanýar.
«Bu ýerde saýlawçylary gönüden-göni deputatlar bilen baglanyşdyrmagy we olara öz pikirlerini aýtmaga mümkinçilik bermegi göz öňünde tutýarys. Şeýle etmek bilen, biz emeli aňy ulanyp saýlaw çözgütlerini kabul etmäge has köp adam çekmäge synanyşýarys« diýip, Endakott «The Independent» neşirine interwýusynda aýtdy.