«BYD» Ýewropanyň 20 ýurdunda dükanlarynyň 260-syny açdy
«BYD» maýadarlar üçin çap eden ýüzlenmesi bilen kompaniýanyň Ýewropa bazaryndaky soňky üstünliklerini yglan etdi.
Kompaniýanyň täze awtoulaglary Ýewropa ýurtlarynyň 20-sinde ulanyşa goýberildi. Bu sebitde kompaniýanyň 260-dan gowrak dükany açyldy.
2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri «BYD» Ýewropanyň bazaryny işjeň öwrenýär we Germaniýa, Angliýa, Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Wengriýa ýaly 20 ýurtda awtoulaglarynyň meşhurlygyny artdyrmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden bolan hyzmatdaşlary bilen netijeli işleri alyp barýar. Ýeri gelende bellesek, «BYD SEAL U DM-i» («Song Plus DM-i Champion Edition» ulagynyň hytaýça atlandyrylyşy) ýakynda Ýewropa bazarynda peýda boldy.
«BYD» eýýäm Ýewropanyň 20 ýurdunda 260 dükanyny açdy. Hytaýyň önüm öndürijisi elektrik ulaglaryny satmak boýunça «Volkswagen», «Tesla» hem-de «Stellantis» kompaniýalaryndan öňe geçmegi meýilleşdirýär.
«BYD» 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Wengriýanyň Seged şäherinde täze elektrik ulaglarynyň bazasyny gurjakdygyny we Ýewropa Bileleşiginde ýolagçy awtoulag zawodyny bina eden Hytaýyň ilkinji hytaý awtoulag kompaniýasy boljakdygyny mälim etdi. Zawod üç ýyldan işe başlar we esasan Ýewropada satylýan ýolagçy awtoulag modellerini öndürer. Zawodyň gurluşygy ýerli iş ýerleriniň müňlerçesini döreder we Wengriýanyň ýaşyl ykdysadyýetiniň ösüşine goşant goşar.
Kompaniýanyň Ýewropadaky awtoulag satuw bölüminiň baş müdiri Şu Ýusin «BYD-yň» 2030-njy ýyla çenli «Volkswagen», «Tesla» we «Stellantis» ýaly iri taraplardan öňe geçip, Ýewropa bazaryndaky iň uly elektrik awtoulag satyjysy bolmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Şu Ýusin «BYD-yň» Ýewropa Bileleşigi üçin zawodlary, paýlaýyş torlaryny we marketing ýaly milliardlarça ýewro ýetip biljek iri maýa goýumlaryny taýýarlaýandygyny tassyklady. Şu Ýusin «BYD-yň» «Seagull» modeline esaslanýan arzan bahaly elektrik ulaglaryny hem Ýewropa bazaryna hödürlejekdigini, onuň bahasynyň 20 000 ýewrodan pes boljakdygyny nygtady.