2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 46 müňden gowrak türkmen raýaty Russiýa Federasiýasyna wiza aldy
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin häzirki wagtda berlen rus wizalarynyň sanynyň pandemiýa döwründen öňki derejesine ýetendigini aýtdy.
«Eger 2019-njy ýylda jemi 60 müň raýata wiza berlen bolsa, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 73 müňden gowrak adam wiza aldy. Şolardan 36 müňüsi syýahatçy we 19 müňüsi talyp wizalarydyr. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 46 müňden gowrak wiza resmileşdirildi, bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwründe 18,3 müň bolupdy. Men pandemiýanyň bir wagtlar döreden päsgelçiliklerini ýeňip geçendigimize we ýurtlarymyzyň arasyndaky adaty ulag aragatnaşygyna gaýdyp gelendigimize tüýs ýürekden begenýärin» — diýip, ilçi belledi.
Şeýle hem, ilçi Russiýanyň uniwersitetlerinde 40 müňden gowrak türkmen talybynyň okaýandygyny nygtady.