«Nissan Pathfinder» tygşytly sürüjiler üçin täze nusgasyny hödürleýär
Awstraliýada «Nissan» has amatly «ST-L» bezeg görnüşini goşup, 2024-nji ýylyň täzelenen «Pathfinder» nusgasyny hödürledi. Ozal 2023-nji ýyl üçin niýetlenen «ST 2WD» modeliniň başlangyç bahasy Awstraliýanyň 50 490 dollaryna, «ST-L 4WD» nusganyňky bolsa 57 640 dollara barabardy. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýyl üçin «Nissan» diňe has gymmat «TI 4WD» we «TI-L 4WD» nusgalaryny saklap galdy. Bu bolsa şu ulagy halaýan alyjylaryň aglabasy üçin has gymmat hasaplandy.
Indi kompaniýa «ST-L-iň» täze nusgasyny iki görnüşde hödürledi: öňki tigiri we ähli tigirleri işleýän. «ST-L 2WD» we «ST-L 4WD» nusgalaryna täze «TI 2WD» görnüşi hem goşuldy. Olaryň maslahat berilýän bölek satuw bahalary degişlilikde Awstraliýanyň 59 670, 64 170 we 67 990 dollaryna deňdir. «TI-L 4WD-niň» iň ýokarky nusgasy 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde peýda bolar.
«Pathfinderiň» ähli nusgalary 202 kWt kuwwat ölçegi we 340 Nm öwrüm mümkinçiligini özünde jemleýän 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Munuň özi 271 at güýjüne we 340 Nm öwrüm mümkinçiligine deň bolan ölçeg bilen birmeňzeşdir. Demirgazyk Amerikanyň nusgasy bilen deňeşdirilende kuwwaty biraz kemlik edýär — 284 at güýji we 350 Nm.