Türkmenistanda Bolgariýanyň täze ilçisi işe başlady

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bolgariýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberen mähirli salamyny ýetirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Ruslan Stoýanow Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada hem giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändikleri bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynyň ugry boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, degişli ulgamlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, şu gün daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Ruslan Stoýanow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.