Türkmenistanyň Mejlisinde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany ýurduň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmek ulgamynda tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şeýle-de parlamentleriň ugry boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.