Eýran «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi üçin zerur bolan «Reşt-Astara» demir ýolunyň birinji bölüminiň gurluşygyny tamamlady
«Tasnim» agentligi Eýranyň demir ýolunyň Reşt şäherinden «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar portuna çenli uzaýan böleginiň 20-nji iýunda ulanylmaga berilýändigini habar berdi. Geljekde ýoluň Hazar portundan Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara sebitine çenli uzaýan nobatdaky tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär.
Ýoluň uzynlygy — 37 km. Gurluşyk üçin takmynan 30 trillion rial ýa-da 630 million ýewro möçberinde karz serişdeleri çekildi. Taslamanyň umumy bahasy — 35 trillion rial ýa-da 730 milliard ýewro.
«Reşt — Hazar» demir ýoly Hazar deňzinden ýurduň günortasyna Pars aýlagyna we Oman döwletine haryt daşamaga mümkinçilik berer» — diýip, kompaniýanyň başlygynyň ulag infrastrukturasyny gurmak we ösdürmek boýunça orunbasary Abbas Hatibi belledi.