Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar

TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.

 

Taraplar şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsadyny ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlisi guramak barada ylalaşdylar.

 

«Hem tehniki, hem hukuk nukdaýnazaryndan halkara derejesinde çözülmegi talap edýän meseleleriň bardygyny göz öňünde tutup, bu meseleleri kadalaşdyrjak halkara ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr. Mysal üçin, ylalaşygyň çäklerinde maglumatlaryň düzümini we olary bermegiň usulyny kesgitlemek, maglumatlary saklamak boýunça ylalaşylan karary kabul etmek, elektron sanly goly we autentifikasiýany ulanmak talap edilýär» - diýip, TRASEKA-nyň Baş sekretary Aset Asawbaýew aýtdy.

 

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş topary  TRASEKA ugry boýunça sanly geçelgä sinhron badalga bermek üçin zerur bolan çäreleri işläp düzmelidir we taraplaryň tagallalaryny halkara guramalary we hyzmatdaşlary bilen utgaşdyrmalydyr.