Katardaky türkmen ilçisi arap gazetinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan makalany çap etdi
Türkmenistanyň Katar döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «Al Sharq» gazetinde iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky täze sahypa bagyşlanan makalany çap etdi.
Makalada diplomat Türkmenistanyň we Kataryň ähli ulamlarynda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.
Myratgeldi Seýitmämmedowyň aýtmagyna görä, 3-nji iýunda Doha şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçen syýasy geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa Kataryň daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşler şeýle hem Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi ugrunda çykyş etdiler.
Makalasynyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň alyp barýan parasatly syýasatlary netijesinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.