Gyrgyzystanda “Arkalaşygyň çagalary” atly halkara medeni-bilim forumy geçiriler

25-nji iýun 4-nji iýul aralygynda Çolpon Atada Yssyk Kul kölüniň kenarynda “Arkalaşygyň çagalary” atly IX halkara medeni-bilim forumy geçiriler. Bu barada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär. 

Çäre GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy hem-de Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşi tarapyndan guralýar. 

Forum Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň mekdep okuwçylaryny bir ýere jemlär. Olar öz ýurtlarynyň milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrarlar. 

Forumyň çäklerinde sergileri, ussatlyk sapaklary, sport ýaryşlaryny, intellektual oýunlary, okuw maslahatlaryny, aýdym-saz bäsleşiklerini, sungat agşamlaryny we başga-da köp sanly çäreleri geçirmek göz öňüne tutulýar. 

“Arkalaşygyň çagalary” atly halkara medeni-bilim forumy Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň başlangyjy boýunça esaalandyryldy we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan goldanyldy. Bu çäre çagalary we ýaşlary hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelemek üçin halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir. 

Ilkinji forum 2013-nji ýylda Çolpon Atada geçdi.