Ýaş owgan demirýolçylary Türkmenistanda okuw geçdiler

Ýaş owgan demirýolçylary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünär mekdebinde okuwyň doly kursuny geçdiler. Mekdebiň uçurymlaryna ýurdumyzyň Bilim ministrliginden degişli resminama berildi.

 

Goňşy ýurtdan gelenler demirýol gurluşygynyň esaslaryny, şeýle hem wagonlary dolandyrmagy öwrendiler. Okuw kursy Türkmenistan bilen Owganystanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň çäklerinde geçirildi. Talyplar şeýle hem tejribe geçdiler.

 

Taýýarlygyň bu ugurlary boýunça hünärli işgärleriň goýberilmegi «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» serhetüsti ýollarynyň mümkinçiliklerini netijeli ýerine ýetirmäge ýardam eder.